Turkmenportal logo
Düýn 22:31
40714071
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek hem-de ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda çykaran 1718-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.