Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guraýan «Lomonosow-2026» atly halkara ýaşlar ylmy forumyny geçirmäge gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
2026-njy ýylyň 10-njy – 25-nji aprelinde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde forumyň çäklerinde «Lomonosow» XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler. Ylmy maslahatyň bölümleri diňe bir Moskwada däl, eýsem, uniwersitetiň hyzmatdaşlyk edýän ýokary okuw mekdepleriniň halkara meýdançalarynda hem işlär. Türkmenistanda ylmy maslahatyň halkara meýdançasy Aşgabat şäherinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda guralar. Ylmy maslahatyň işi Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebinde ylmyň dört ugry boýunça alnyp barylar.
Ylmy maslahata gatnaşmaga 35 ýaşa çenli ýaşly talyplar, magistrantlar, aspirantlar we ýaş alymlar çagyrylýar. Hasaba alyş 2026-njy ýylyň 6-njy apreline çenli «Lomonosow» ylym-bilim portalynda amala aşyrylýar. Ylmy maslahatyň iş dilleri – rus we iňlis dilleridir. Gatnaşmak tölegsiz.
Forumyň işiniň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlar sertifikat alarlar, iň oňat ylmy işleriň awtorlary bolsa diplomlara mynasyp bolarlar.