Turkmenportal logo
Şu gün 17:35
70277027
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Bulut» eksportyny artdyrýar: Özbegistanda akustik potoloklara uly isleg bildirilýär

«Ak Bulut» türkmen kompaniýasy Özbegistanyň bazaryna akustik potoloklaryň eksportyny artdyrýandygyny yglan etdi. Eksportyň ösüşiniň bu täze tapgyry sebitde ekologiýa taýdan arassa we howpsuz gurluşyk işleriniň döwrebap standartlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Akustik potoloklar arassa tebigy gipsden ýasalýar. Bu panelleriň esasy maksady – sesi «serpikdirmek» (beton ýa-da adaty gipsokarton ýaly) däl-de, eýsem, ony siňdirmekden, ýaňlanmanyň öňüni almakdan ybaratdyr. Kompaniýanyň wekilleri häzirki wagtda döwrebap binagärlik çözgütlerinde ekologiýa taýdan arassalygy, howpsuzlygy we estetiki gözelligi özünde jemleýän tebigy materiallary ulanmaga barha köp üns berilýändigini belleýärler.

Täze ýaşaýyş jaýlary gurulýan we täjirçilik taslamalary işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýän Özbegistanyň gurluşyk bazary üçin içerki ses gurşawyny dolandyrmak boýunça inženerçilik çözgütleri gurluşyk materiallary üçin möhüm talapdyr.

Materialyň artykmaçlyklary onuň peýdalylygyny we gurnamagyň aňsatlygyny hem öz içine alýar. Ýeňil paneller gurluşa düşýän agramy azaldýar we binalaryň ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrýar. Elementleriň takyk geometriýasy netijesinde, asma potoloklary gurnamak işi bir ýarym-iki esse çalt tamamlanyp bilner, onuň akustik aýratynlyklary bolsa otagyň ulanylyşynda amatly şertleri döredýär.

Kompaniýada Özbegistanyň bazarynda akustik potoloklara bolan islegiň artmagynyň döwrebap we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk çözgütleriniň giňelmegine we türkmen önüm öndürijileriniň sebitiň gurluşyk materiallary bazaryndaky ornunyň pugtalanmagyna goşant goşýandygyny nygtaýarlar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 754243 / 754244
(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +993 62 14 00 44

Baş ofisi we şou-rum:

Aşgabat ş., G.Kuliýew köç., jaý 29/1, 3-nji gat

Önümçilik merkezi:

«Ak Buludyň» asma potoloklary we profil ulgamlaryny öndürýän zawody hem-de ammary — Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etraby; «Ak Buludyň» gipsokarton, BOARDLINE we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawody hem-de ammary — Lebap welaýatynyň Dostluk şäheriniň etegi.