Hindistanyň paýtagty Deliniň balyk bazarynda uly ýangyn döredi diýip, «Hindustan Times» gazetine salgylanýan «Belta.by» belarus internet resursy habar berdi.
Ýangyn barada habar gelen dessine ol ýere 23 ýangyn söndüriji ulag ýollandy. Ot bazaryň çägindäki birnäçe söwda nokadyny gurşap aldy.
Ejir çeken ýok, ýangynyň sebäpleri kesgitlenýär.