Turkmenportal logo
Şu gün 15:31
56005600
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýal özüni «ýeralma» diýip kemsiden başlygyndan 31 müň dollar öweztöleg aldy
Surat: gazeta.ru

Lidsedäki zähmet kazyýeti birnäça aýlap hasapçy zenan işgäri Bernadett Heýzi «ýeralma» diýmek bilen kemsidip gelen Mik Atkinsden öweztölegini almaly diýip höküm çykardy. Öweztölegiň möçberi 31 müň amerikan dollary diýip, «Independent» neşiri habar berdi.

Garalan işiň materiallaryna görä, gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolan Atkins hemişe irland asylly Heýzi ýaňsylap gelipdir. Her gezek aralarynda düşünişmezlik dörände, ol irland äheňinde zenana «ýeralma» diýip gygyrypdyr. Ol diňe Bernadette jynsparazlyk äheňdäki kemsidiji sözleri diýmek bilen çäklenmän, beýleki milletlerden bolan işgärlerine hem masgaralaýjy sözleri aýdypdyr.

Kazy Barkli munuň adalatsyzlykdygyny ykrar edip, ýolbaşçyny öweztöleg tölemäge borçly edýän höküm çykarypdyr.

Kazyýetde çykyş eden Bernadett özüni hemişe kapasada ýaly duýandygyny, maliýe ýagdaýy sebäpli işdenem çykyp bilmändigini, başlygynyň bolsa kellesiniň ýerinde däldigi üçin oňa garşylyk bildirmekden çekinendigini aýdypdyr. Ol: «Bu meniň özüme hormatymy we bahamy düýbünden ýumurdy. Men özümi erbet duýýardym, utanýardym we howsala düşýärdim. Edara girdigim, özümi ýaramaz duýup başlaýardym» diýip, kaza gürrüň beripdir.