«Bilimli ädim» hojalyk jemgyýeti 2026/2027-nji okuw ýyly üçin daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýänler üçin resminamalaryň kabul edişligini dowam etdirýändigini habar berdi. Kompaniýanyň maslahat beriş merkezleri Türkmenistanyň raýatlaryna gerekli resminamalary taýýarlamakda we daşary ýurtlaryň uniwersitetlerine kabul edilmegiň ähli tapgyrlarynda ýardam edýär.
Kompaniýanyň işi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 19-njy aprelindäki 12972 belgili Kararyna laýyklykda alnyp barylýar. Bu Karar ýurdumyzyň raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibini düzgünleşdirýär. «Bilimli ädim» kompaniýasy döwlet tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan we dalaşgärlere maslahat hem-de guramaçylyk goldawyny berýän ygtyýarly guramalaryň biridir.

Häzirki wagtda resminamalaryň kabul edişligi Hytaýyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň, Indoneziýanyň, Rumyniýanyň, Belarusyň, Germaniýanyň, Çehiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň uniwersitetleri boýunça alnyp barylýar. Bu ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri türkmenistanly talyplar üçin giň akademiki mümkinçilikleri hödürleýärler.
Maslahat beriş merkezleriniň hünärmenleri uniwersitet we okuw maksatnamasyny saýlamak boýunça degerli maslahatlary berýärler, resminamalary, şol sanda hödürnama hatlaryny taýýarlamaga we resmileşdirmäge ýardam edýärler, şeýle hem olaryň döwlet edaralarynda tassyklanmagy we tabşyrylmagy boýunça doly derejede goldaw berýärler. Mundan başga-da, dalaşgärlere söhbetdeşlige taýýarlyk görmek, wizany resmileşdirmek, bank hasaplaryny açmak we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy boýunça hem goldaw berilýär.

Kompaniýa uniwersitetden çakylyk almakda, talyplaryň ýaşaýyş jaýynda ýeri sargyt etmekde hem-de talyplar okuwa kabul edilip, ýerleşdirilýänçä olaryň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmekde goldaw berýär.
«Bilimli ädim» kompaniýasynyň ofisleri ýurduň ähli iri şäherlerinde işleýär:
• Aşgabat: (+993 64) 52 94 85;
• Balkanabat: (+993 63) 08 07 66;
• Türkmenbaşy: (+993 71) 33 53 92;
• Mary: (+993 71) 33 53 28;
• Daşoguz: (+993 62) 31 05 54;
• Türkmenabat: (+993 71) 41 00 74.
Sosial ulgamdaky sahypasy.