Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi Şalar Geldinazarow ABŞ-nyň Nýu-Delidäki ilçihanasynda guralan diplomatik agşamlyk naharyna gatnaşdy. Duşuşyk ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş döwletini birleşdirýän «C5+1» dialog platformasynyň formatynda geçirildi.
Çäräni ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor alyp bardy. Duşuşyga türkmen diplomatyndan başga-da, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Hindistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdy.
Duşuşygyň netijeleri barada Serjio Gor özüniň X sosial ulgamyndaky hasabynda şeýle ýazgyny paýlaşdy: «Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ilçilerini agşamlyk naharynda kabul edendigime örän şat. Prezident Donald Trampyň ýolbaşçylygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen yzygiderli esasda özara gatnaşyklary saklaýar. Özara hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça örän netijeli gepleşikler boldy».
Duşuşyk Waşington bilen Aşgabadyň arasyndaky işjeň diplomatik gepleşikleriň dowamy hökmünde guraldy. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Serjio Gor Türkmenistanda saparda boldy we saparyň dowamynda 23-nji ýanwarda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serjio Gory hem-de ABŞ-nyň Goşun ministri Deniel Driskolly kabul etdi. Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, sebit howpsuzlygy meselelerini we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.