Turkmenportal logo
Şu gün 13:31
72637263
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda BGG-niň Sebitleýin okuw merkezleriniň duşuşygy geçiriler

29-30-njy aprelde Aşgabatda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Sebitleýin okuw merkezleriniň duşuşygy geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň binasynda bolar. Bu barada TDGG-niň metbugat gullugy habar berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, degişli taraplara duşuşyga gatnaşmak üçin çakylyklar iberildi. Çäräniň dowamynda sebitleýin okuw merkezleriniň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça «tegelek stol» maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Guraljak bu çärä taýýarlyk meseleleri 2026-njy ýylyň 12-nji martynda BGG-niň Ýewropa sebitiniň okuw merkezleriniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn duşuşygyň dowamynda taraplar gümrükçileri taýýarlamak boýunça tejribe alyşdylar, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary hem-de BGG-niň Sebitleýin mümkinçilikleri ösdürmek boýunça edarasy (WCO ROCB) bilen özara gatnaşyklaryň mysallaryny gözden geçirdiler.

Şeýle hem taraplar okuw zerurlyklaryny seljermek we maslahatlaşylýan ugurlar boýunça okuw maksatnamalarynyň hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýetini bellediler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi 2025-nji ýylyň iýun aýynda BGG-niň Sebitleýin okuw merkezi derejesine eýe boldy. Bu bolsa gümrük ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pudaklaýyn hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döretdi.