Turkmenportal logo
Şu gün 13:24
66626662
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Özbegistan migrasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň ilçihanasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär.

Taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem migrasiýa ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän çäreleri we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýeti we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.