Turkmenportal logo
Şu gün 11:11
13311331
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Antonio Kast Çilide Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Surat: tass.ru

Sagçy dalaşgär Hose Antonio Kast Çilide geçen ýekşenbede bolan Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy. Ol saýlawlaryň ikinji tapgyrynda esasy garşydaşy – Kommunistik partiýanyň lideri Žanett Harudan 17 göterim aratapawut bilen öňe saýlandy.

Çiliniň täze döwlet Baştutany 11-nji martda resmi wezipesine girişdi. Hünärmenler onuň ýurdy dolandyryşynyň nähili boljakdygy barada eýýämden jedelleşýärler diýlip, habarda bellenýär.

Hose Antonio Kast ultra-konserwatorçy Respublikan partiýanyň wekilidir. Ol özüni ynamly katolik hasaplaýar. Kast öň iki gezek Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp bilmedi.