Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Resul Myradow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak we özara haryt dolanyşygyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatik wekilhananyň habarynda bellenilişine görä, himiýa pudagynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmegiň geljegine aýratyn üns berildi.