Turkmenportal logo
Düýn 17:29
65806580
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşdy.

12-nji martda Tokioda geçirilen duşuşyga Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Takuma Miýadzi, «Akhal-teke Affinity Co. LTD» ýapon ykdysady jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoe we ýapon atşynaslary hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýapon tarapy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda we daşary ýurtlarda geçirilýän giň gerimli çäreler, şeýle hem ýurduň atçylyk ulgamyndaky syýasaty bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soň gatnaşyjylar Tokio atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän Ahalteke bedewiniň heýkeline baryp gördüler.