Turkmenportal logo
Düýn 11:43
53575357
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda üçemler bir günde toý etdi
Surat: sb.by

Hytaýyň Henan ülkesiniň Şansýu şäherinde ýaşaýan, hiç wagt aýry düşmeýän üçem doganlar bir günde nika toýuny tutdular. Olaryň toýy sosial torda giň seslenme döretdi diýip, ýurduň «Szýupaý sinwen» habarlar portalyna salgylanýan «RIA Nowosti» gürrüň berýär.

Wan familiýaly üçem doganlar adaty maşgaladan bolup, hiç haçan aýry bolmandyrlar. Olaryň biri bol-telki ýaşamandyklaryny, üç bolup bir krowatda ýatandyklaryny, ejeleriniň özlerine birmeňzeş egin-eşik satyn alandygyny, bir mekdepde okandyklaryny we ulalanlaryndan soňra bir kompaniýada işläp başlandyklaryny gürrüň berýär. Olar ýekeje pursadam aýrylyşmandyr. Her biri-de uzak wagt bäri gyzlar bilen halaşypdyr, ulusy üç ýyl bäri Ýunnanda ýaşaýan, ortanjylary Guýçžouda we körpeleri iki ýyl bäri dogduk şäherinde ýaşaýan gyzlar bilen halaşypdyr. Üçüsi-de öýlenmek kararyna gelenlerinde, ene-atasy toýlaryny bir günde tutmagy teklip edipdir. Olar toý şagalaňly, gyzykly bolar diýensoňlar, üçemler ylalaşypdyrlar. Gelinlikler-de, olaryň maşgalalary-da göwünjeň bolupdyr. Şeýdip, 28-nji fewralda Şansýu şäherinde üçemleriň toýy bolupdyr.

Toýuň wideosy hytaý sosial torlarynda çap edilende, adamlaryň oňyn seslenmesini alypdyr. Hemmeler toýuň jüpüne düşendigini belläpdirler, hatda doganlaryň ilkinji perzentleri-de bir günde dünýä inse gerek diýip degişme bilen ýazanlar hem bolupdyr.