Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, şeýle-de Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köptaraplaýyn esasda işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň oňyn netijeleri, şeýle-de «Ýol kartasynda» 2026-njy ýylda göz öňünde tutulan işler barada pikir alşyldy.
Türkmen tarapy toplanan tejribäniň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň goşulan halkara şertnamalaryndan gelip çykýan kadalary ýurduň milli kanunçylygyna girizmek arkaly zähmet kanunçylygyny, adam hukuklaryna, çagalaryň we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyna degişli kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Peter wan Roý Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijelerine ýokary baha berip, ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny beýan etdi.