Şu gün Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky baş konsuly Ö.Jumanazarowyň Stambulyň häkimi Dawut Gül bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Taraplar dostluk, hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça pikir alşyldy diýlip, habarda bellenilýär.