Häzirki zaman tehnologiýalary adama Aýda birnäçe hepdeläp howpsuz ýaşamaga mümkinçilik berýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň «Roskosmos» döwlet edarasynyň başlygy Dmitriý Bakanow gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Ýerden 400 kilometrlikdäki Halkara kosmos bekedinde biz bir ýyl ýaşamaga ukyply. Aýda häzirki tehnologiýalaryň ýardamy bilen adam birnäçe hepde howpsuz ýaşap biler» diýip, Bakanow nygtady. Ol şeýle-de Aýdan hem alys ýerlere uçmak barada diňe arzuw edäýmek galýar, sebäbi häzir birgiden tehnologik kynçylyklar hem-de wezipeler bar.
Mundan öň «Roskosmos» edarasy Russiýanyň 2036-njy ýylda Aý elektrik bekedini gurmakçydygyny habar beripdi.