Turkmenportal logo
Şu gün 11:40
58465846
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ilkinji gezek Hytaýyň ýokary bilimi boýunça onlaýn sergi geçiriler

13‑nji martda türkmen talyplary üçin ilkinji gezek HSK «Hytaýda okamak» atly ýokary bilim boýunça onlaýn sergi guralar. Çäre ýerli wagt bilen sagat 09:00‑dan 12:00‑a çenli ZOOM platformasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen geçiriler — diýip, KHR-nyň ilçihanasy Turkmenportal neşirine habar berdi.

Sergä Hytaýyň öňdebaryjy alty uniwersiteti gatnaşar: Pekin uniwersiteti, Şanhaýyň ulag uniwersiteti, Pekiniň tehnologik instituty, Harbiniň inženerçilik uniwersiteti, Lanžou şäheriniň ulag uniwersiteti we Guýžou şäheriniň uniwersiteti. Her ýokary okuw mekdebiniň stipendiýa maksatnamalary, taýýarlyk ugurlary, okamak we ýaşamak şertleri, şeýle hem kampuslaryň infrastrukturasy bilen tanyşdyrmak üçin 30 minut berler. Ähli çykyşlar rus dilinde geçiriler. Tanyşdyryşlardan soň gatnaşyjylar uniwersitetleriň wekillerine göni ýaýlymda sowal berip bilerler.

Çäräni Hytaýyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň garamagyndaky kompaniýa guraýar. «Hytaýda okamak» sergisi 2016‑njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär we ol 47‑den gowrak ýurtda 800 müňden gowrak gatnaşyjyny öz içine alýar.

Çäre açyk gatnaşmak görnüşinde guralar, gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär. ZOOM arkaly goşulmak üçin ID: 545 492 5555, giriş kody: HSK2026.