Turkmenportal logo
Şu gün 10:40
46394639
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystan her ýyl elektrik energiýasyny dört ýurtdan satyn alýar
Surat: Surat: 24.kg

Gyrgyzystan ýylda 4 milliard kWt/ sag elektrik energiýasyny import edýär. Bu barada ýurduň «Gyrgyzystanyň milli elektrik halkasy» edarasynyň baş direktorynyň işewürlik meseleleri boýunça orunbasary Ularbek Duýşo uuluna salgylanýan «Kabar.kg» portaly habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýurt elektrik energiýasyny goňşy Gazagystandan, şeýle hem Russiýadan, Türkmenistandan we Özbegistandan satyn alýar.

«Biz häzirki gün elektrik energiýasyny eksport etmeýäris» diýip, ýolbaşçy sözüniň üstüni ýetirdi.