Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary hem-de milli synçylar bilen okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle hem şu günler degişli saýlaw okruglarynda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklary hem işjeň ýagdaýda dowam edýär.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, okuw maslahatlarynda ýurtda saýlaw ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler hem-de öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary we wezipe borçlary, saýlaw uçastogy boýunça saýlawçylaryň sanawyny düzmek, ses berilýän jaýy bellenilen tertipde enjamlaşdyrmak, saýlaw býulletenleriniň görnüşleri hem-de býulletenleri ses bermäge taýýarlamak, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň tertibi barada giňişleýin düşünje berildi.
Okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleler babatda anyk maslahatlary aldylar hem-de sowal-jogaplar alşyldy. Şeýle hem häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen geçirilýän duşuşyklar giň gerime eýe bolmak bilen guramaçylykly ýagdaýda dowam edýär.