Turkmenportal logo
Şu gün 10:28
37453745
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tusk ýene Polşanyň dolandyryjy partiýasynyň liderligine saýlandy
Surat: tass.ru

Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk ýene ýurduň dolandyryjy Raýat bileleşigi partiýasynyň ýolbaşçysy saýlandy. Bu barada Seýmiň (Parlamentiň aşaky palatasy) başlygynyň orunbasary Dorota Nedzelýä salgylanýan TASS habar berdi.

Nedzelýanyň: «Donald Tusk 97 göterim derejede goldaw aldy. Oňa ses berenleriň sany 16 695-e deň, 379 deputat garşy ses berdi» diýen sözlerini «Radio Zet» radioýaýlymy getirdi. Saýlawlara Raýat bileleşiginiň agzalarynyň 78 göterimi gatnaşdy. «Bu 97 göterim hatda meniň özümi-de haýran galdyrdy» diýip, partiýanyň ses berlişiginiň netijeleri barada Tuskuň özi beýanat berdi.

Donald Tusk öň 2021-nji ýylyň oktýabrynda-da partiýanyň agzalarynyň 97,4 göterim sesini alyp, ýolbaşçy saýlanypdy.