Turkmenportal logo
Şu gün 10:10
63246324
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti däp bolan medeniýet ugrundaky Tokio dialogyna gatnaşdy

Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde «Däp bolan medeniýeti gorap saklamak we onuň senagat ösüşinde we halkara işlerinde ulanylmagy» temasynda 14-nji Tokio dialogy geçirildi.

Tokio dialogyna Türkmenistandan «Design plus» (ÝUNESKO) Döredijilik birleşiginiň ýolbaşçyy T.Gurbanowa we Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetler bilen bir hatarda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Parlament işleri boýunça orunbasary Eri Alfiýa we beýleki ýolbaşçy wekilleri, Ýaponiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň professor mugallymlary, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gyzyklanýan bilermenleri we Tokio şäherindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Bu duşuşyk geçen ýylyň dekabrynda Tokioda geçirilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň birinji sammitiniň netijesinde Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri tarapyndan kabul edilen Tokio Jarnamasynda agzalýan medeni alyş-çalyşlary giňeltmegi anyk durmuşa geçirmek üçin geçirildi. Duşuşykda oňa gatnaşyjylar we ýaponiýaly bilermenler agzalan tema boýunça pikir alyşdylar.