Turkmenportal logo
Şu gün 09:21
64056405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara gatnaşyklary institutynda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny barada dialog geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu çärä daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan işgärleri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň zenan mugallymlary hem-de talyp gyzlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa dagy çykyş etdi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berlip, bu syýasatyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürmekde we halkara gatnaşyklarynda ynamdar dialogy ýola goýmakda nusgalykdygy bellenildi. Gatnaşyjylar zenanlaryň döwlet dolandyryşynda we halkara hyzmatdaşlygynda görkezýän başarjaňlyklarynyň dünýäniň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini nygtadylar.