Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen onuň täze wezipä bellenilmegi mynasybetli duşuşdy. Duşuşyk GDA-nyň Moskwadaky Ýerine ýetiriji komitetinde geçirilip, bu barada Ýerine ýetiriji komitetiň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini, GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlygy, şeýle hem Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklyk etmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
S.Lebedew E.Aýdogdyýewe täze iş ýerinde üstünlikler arzuw etdi.
Mundan ozal, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Esen Aýdogdyýewi Russiýadaky ilçi wezipesinden boşadyp, ony ýurduň ABŞ-daky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine belläpdi.