Turkmenportal logo
Şu gün 13:20
1124311243
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň iň baýry diller uniwersitetinde türkmen dili öwrediler

Moskwanyň döwlet diller uniwersiteti (MDDU) esasy okuw maksatnamalarynyň çäklerinde türkmen dili boýunça taýýarlyk okuwy açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy bilen uniwersitetiň rektorynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi.

MDDU-nyň rektory Irina Kraýewa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýew bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar uniwersitetiň GDA ýurtlarynyň agza döwletleriniň dilleri we medeniýeti boýunça Binýatlyk guramasy hökmünde alyp barýan işleriniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda MDDU-de türkmen dili we medeniýeti merkezini açmak meselesi, şeýle hem Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda bilelikdäki bilim we medeni taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda uniwersitetde 40 daşary ýurt dili öwredilýär.

Gepleşiklere MDDU-niň halkara işler boýunça prorektory Georgiý Graçýew, Binýatlyk guramanyň direktory Wýaçeslaw Konew, halkara gatnaşyklary we jemgyýetçilik-syýasy ylymlar institutynyň direktory Dmitriý Belýakow, GDA ýurtlarynyň we Ýakyn ýurtlaryň dilleri we medeniýetleri kafedrasynyň müdiri Ženişkul Hulhaçiýewa, Türkmenistanyň ilçihanasynyň metbugat attaşesi Gülälek Çopanowa, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Swetlana Malinina gatnaşdy.