Turkmenportal logo
Şu gün 11:49
71167116
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Günüň ýüzünde täze tegmiller tapyldy
Surat: interfax.ru

Günüň ýüzünde tegmilleriň täze topary peýda boldy. Bu barada Russiýanyň YA-synyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasyna we Gün-Ýer institutyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Soňky günlerde dördünji gezek peýda bolan täze tegmiller toparyny 4378 san bilen belgilediler. Hünärmenler tegmilleriň Günüň ekwatordan ýokardaky çep burçunda ýagty halkalarda peýda bolandygyny belleýärler.

Öň russiýaly hünärmen, akademik Lew Zelýenyý soňky ýyllarda Günüň güýçli işjeňliginiň golaý onýyllyklarda artjakdygyny habar beripdi.