Awstraliýanyň demirgazygynda güýçli sil joşgunlar sebäpli iatly ýerlerde krokodilleriň peýda bolmagy mümkin. Ýerli polisiýa ýaşaýjylary gyssagly göçürmäge girişdi, gark bolan etraplardan eýýäm bir müňden gowrak adam äkidildi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Adamlary barmasy kyn bolan obalardan dikuçarlaryň we uçarlaryň kömegi arkaly halas edýärler. Ýyrtyjylar garaşylmadyk ýerlerde peýda bolup biler, sebäbi süýşgünler olary daş-töwerege ýaýratdy diýip, AFP habar berdi. Awstraliýanyň demirgazygyndaky güýçli çabgalar netijesinde Ketrin şäherine 1998-nji ýyldan bäri iň güýçli sil düşdi.
Polisiýanyň serkerdesi Şon Gill žurnalistlere krokodilleriň hemme ýerde ygyşyp ýörendigini aýtdy.
Awstraliýanyň demirgazygy iň az ilatly bolmak bilen, ol ýerde adatdan daşary howa ýagdaýlary kän bolýar. Alymlar howanyň üýtgemeginiň tebigy heläkçilikleriň: sil joşmalaryň, tokaý ýangynlaryň we siklonlaryň töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny belleýärler.