2025-nji ýylda tebigy gazy eksport ediji ikinji uly ýurt bolan Katardan suwuklandyrylan gazyň eksportynyň birdenkä togtamagy Ýewropada we Aziýada geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, tebigy gazyň bahasynyň 50 göterim gymmatlamagyna getirdi. Bu barada «Reuters» habar berdi.
«Kpler» kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, beýleki iri eksport edijiler bolan Awstraliýa, Russiýa, Malaýziýa we Nigeriýa hem indi suwuklandyrylan gazyň eltilmek tertibini we ornuny düzgünleşdirerler.
«London Stock Exchange Group» biržasynyň hasaplamalaryna laýyklykda, STG-niň Aziýanyň esasy bazarlarynda forward geleşikleriň ortaça nyrhy häzir bir million britan ýylylyk ölçegleri üçin 12,95 amerikan dollaryna deň. Bu bolsa, 2025-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 53 göterim gymmatdyr we 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary ortaça ýyllyk görkezijidir diýip, «Reuters» belleýär.
2-nji martda «QatarEnergy» Döwlet kompaniýasynyň «Ras Laffan» zawody suwuklandyrylan gazyň we ugurdaş önümleriň önümçiligini togtatdy.