Turkmenportal logo
Şu gün 10:19
46714671
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Niderlandlaryň asmanynda otly şar göründi
Surat: gazeta.ru

Niderland Patyşalygynyň asmanynda otly şar gördüler, onuň meteoroid bolmagy mümkin diýip, ýerli NOS teleradiokompaniýasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Ýurduň ähli polisiýa bölümleriniň ýere golaýlap gelýän otly jisim barada duýdury alandygy habarda bellenýär.

Patyşalygyň meteoroidler boýunça iş toparynyň wekili Ýost Hartman we älem boýunça hünärmen Rob wan den Berg otly şaryň meteoroid bolmagynyň mümkindigini habar berdiler.