Turkmenportal logo
Şu gün 09:54
44524452
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kazanda BRIKS guramasynyň ilkinji halkara gözellik bäsleşigi geçdi
Surat: rg.ru

BRIKS guramasynyň ilkinji gözellik bäsleşigi bolan «Miss, Missis we Kiçijik mis 2026» Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda tamamlandy. Onda Russiýanyň wekili «Iň gözel gyz», Günorta Afrika Respublikasynyň wekili «Iň gözel zenan» we Hytaýyň wekili «Iň gözel gyzjagaz» ugurlary boýunça ýeňiş gazandylar diýip, «Sinhua» agentligi habar berdi.

Kazan şäherinde geçen bäsleşige 17 ýurtdan 51 wekil gatnaşdy. Onda diňe bir gözellik mukdaýnazardan däl, eýsem, milliligiň, gymmatlyklaryň we zenanyň içki güýjüniň şöhlelendirilmegi ýaly ugurlar boýunça hem baha berildi.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow gözellik bäsleşigine gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde oňa zenan gözelliginiň we näzik güýjüniň şöhlelendirilmegi hökmünde baha berdi. Ol bäsleşigiň «halklaryň arasynda birek-birege düşünişmegiň berkidilmeginiň, dostlugyň hem-de bitewüligiň, döretmegiň, parahatçylygyň, dünýäniň ähli zenanlaryna söýgüniň nyşany bolandygyny» nygtady.