Turkmenportal logo
Şu gün 14:08
47324732
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Howa -10 gradusa çenli sowar: Türkmenistana ýagynly sowuk howa akymy aralaşýar

Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. Maglumatda şeýle bellenilýär:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +5... +10 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1... +6 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... -5 gradus sowukdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -4 gradus sowukdan +3... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +6 gradusdan +13... +15 gradus aralygynda maýyl bolar.