8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurduň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Dabara şowhunly pursatlara baý boldy. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert ýurduň birleşen teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly, Arkadagly Serdarly gül Watanda eneleriň mähri bar» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan we iňlis dillerinde aýdymlar ýaňlandy. Baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, meşhur aýdymçylar, ýaş ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlere bagyşladylar. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy.
Dabara gatnaşyjylar «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Baýramçylyk dabarasy «Bagtyýar Diýaryň mähribanlary» atly aýdym bilen jemlendi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurduň ähli künjeklerinde — Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň konsert merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Mährem zenanlara bagyşlanan ajaýyp dabaraly çäreler şatlyk-şowhuna beslendi.