Turkmenportal logo
Düýn 23:52
68616861
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaralar geçirildi

Şu gün ýurduň ähli sebitlerinde Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, mähriban enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlaryň hem-de köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaralar ýokary ruhubelentlige beslendi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleri welaýatlaryň çar künjini gurşap aldy. Halkara zenanlar baýramynyň giňden toýlanylýan gününde ýurduň dürli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sekiz we ondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdiren enelere sowgat berildi. Ähli amatlyklary bolan bu ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy ýurtda zenan mertebesiniň belent tutulýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Mundan başga-da, şu gün welaýatlaryň «Türkmeniň ak öýi» binalarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralaryna hem giň orun berildi.