Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, baýramçylyk sowgatlary uly buýsanç bilen kabul edildi. Şu pursatda Merkezde bejergi alýan çagalaryň şatlyklarynyň çägi bolmady. Olar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.