Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçylary ajaýyp haly we haly önümlerini dokamakda ýokary görkezijilere eýe boldular. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, olar dürli ölçegdäki haly-palas önümleriniň 525 inedördül metrini dokamagyň hötdesinden geldiler. Şunlukda, bu ugurdaky meýilnama 114 göterimden gowrak ýerine ýetirilip, ol bellenilenden 65 inedördül metr artykdyr. Gürrüňi edilýän döwürde taýýar önümleriň pul hasabyndaky möçberi 989 müň 403 manada ýetdi.
Kärhananyň halyçy zenanlary şu günler hem gadymdan galan nusgalary dikeltmekde, halylara döwrebap öwüşgin berip, täze-täze nagyşlary, gölleri döretmekde we äpet halylary dokamakda iş depginini barha ýokarlandyrýarlar. Bu olaryň Halkara zenanlar gününe özboluşly zähmet sowgady bolar.