Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň kesgitlenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygy we şäheriň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesiniň degişli ýagdaýda saklanýandygy barada maglumat berdi. Şeýle hem häkim Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň, giň möçberli dabaralaryň maksatnamasy barada habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, işleriň hemmesi «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, şanly sene mynasybetli guralýan çäreleriň ösüp gelýän ýaş nesillerde ýatdan çykmajak täsirleri döredýän ajaýyp pursatlara beslenmelidigini nygtady we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.