Turkmenportal logo
Düýn 21:49
25922592
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Talyplar aşgabatly uzak ýaşly eneleri baýramlary bilen gutladylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary aşgabatly uzak ýaşly eneleri gutlamak maksady bilen, baýramçylyk çäresini guradylar. Çäräniň dowamynda institutyň wekilleri mährem eneleriň öýlerinde myhmançylykda bolup, olara institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan taýýarlanylan gül desselerini hem-de ýadygärlik sowgatlaryny gowşuryldy.

Ak saçly mährem eneler özleriniň durmuş tejribesi barada täsirli gürrüň berdiler hem-de hormaty üçin ýaşlara minnetdarlyk bildirip, olara okuwlarynda uly üstünlikler we bagtly durmuşy arzuw etdiler. 

Eneler mugallymlaryňdyr ýaşlaryň şeýle haýyr-sahawatly çäreleri guramagyň jemgyýetde nesilleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine uly ýardam berýändigini bellediler.