Turkmenportal logo
Şu gün 17:17
39003900
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» futbol klubynyň janköýerleri Türkmenistanyň baýdagyny Türkiýäniň iň beýik dagyna galdyrdylar

«Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna (beýikligi 5137 metr) Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, «Arkadag» futbol klubunyň nyşanyny hem-de 2026-njy ýylyň nyşanyny dabaraly ýagdaýda ýerleşdirdiler. Alpinist ýörüşine türkmenistanly talyp, tejribeli alpinist ýolbaşçylyk etdi diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Bu ýöriş 1 — 6-njy mart aralygynda geçirilip, ol Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» şygar bilen yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Bu sport çäresi milli gymmatlyklara, sport üstünliklerine hormatyň nyşany bolup, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldawy bilen Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň we sport janköýerleriniň başlangyjy boýunça Ankara we Antalýa şäherlerinde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler klublary döredildi diýlip, habarda bellenilýär.