Turkmenportal logo
Şu gün 13:43
31053105
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Brýusselde Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

6-njy martda Brýusselde Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda özara pikir alyşmalaryň çäklerinde ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Şunuň bilen birlikde parlamentara dostluk toparlarynyň iki ýurduň arasyndaky kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda  dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýändigi bellenildi.