Turkmenportal logo
Düýn 13:01
71817181
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý dollar milliarderleriň sany boýunça öňdeligi eýeledi
Surat: centralasia.media

Hytaý dollar milliarderleriniň sany boýunça sanawyň başyny çekip, bu ugurda ABŞ-dan hem öňe geçdi diýlip, bu ýurduň «Hužun» (Hurun Research Institute) ylmy-barlag guramasynyň nutugyna salgylanýan «Ria.ru» habar berdi.

«Hurun Global Rich List 2026» reýtingine laýyklykda, 2026-njy ýylda dünýäde dollar milliarderleriniň umumy sany ilkinji gezek 4 müňden geçdi hem-de 4020 adama deň boldy. «Hytaý 1110 sany milliarderi bilen öňde barýar. Bu geçen ýyldakydan 287 adam köpdür, ondan soňra 1000 adam bilen ABŞ gelýär, olarda görkeziji geçen ýyldakydan 130 adam artykdyr» diýlip, nutukda bellenýär.

Sanawda Hindistan 308 milliarder bilen üçünji orny eýeledi (geçen ýyldakydan 24 adam artyk). Ondan soňra Germaniýa, Beýik Britaniýa we Şweýsariýa ýerleşdi. Russiýa sanawda 105 milliarder bilen ýedinji orny eýeledi.

Maliýe aktiwleriň hasaplanmagy 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä geçirildi.