Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly gepleşik geçirildi. Taraplar Ýakyn we Orta Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gepleşigiň dowamynda ähli çylşyrymly halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly, halkara hukugy esasynda çözülmelidigi aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Azerbaýjanyň çägine amala aşyrylan soňky howa hüjümleri bilen baglylykda, döwletleriň özygtyýarlylygyny hormatlamak ýaly BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgesiniň bozulmagyna ýol berilmezligi nygtaldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaý bilen bagly käbir ynsanperwer meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.