Turkmenportal logo
Şu gün 08:46
64116411
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2025 — 2052-nji ýyllar üçin ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurtda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli we toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi 

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Serdar Berdimuhamedow ýurtda ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany degişli tabşyryklary berdi.