Rimdäki Kapitoliý muzeýinde geçen ýylyň oktýabr aýynda açylan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini dowam etdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi.
Ýatladyp geçsek, serginiň açylyş dabarasy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda boldy. Bu ekspozisiýa türkmen we italýan arheologlarynyň 30 ýyldan gowrak wagtlap dowam edip gelýän hyzmatdaşlygynyň netijesidir.
Sergide Margianadan (b.e. öňki III-II müňýyllyklar) we gadymy Parfiýadan, hususan-da, Nusaý galasyndan (b.e. öňki II asyr – b.e. I asyry) getirilen tapyndylaryň baý toplumy (150 sany eksponat) görkezilýär.
Eksponatlaryň arasynda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ozal hiç wagt sergilenmedik gymmatlyklar hem bar. Olara Goňurdepeden tapylan altyn monjuklar we gymmat bahaly daşlar (b.e. öňki III-II müňýyllyklar), bişirilmedik toýundan ýasalan hökümdarlaryň we esgerleriň şekilleri, şeýle hem Nusaýdan tapylan, piliň süňkinden oýulyp ýasalan nagyşlar bilen bezelen ritonlar (b.e. öňki II asyr – b.e. I asyry) degişlidir.
Rim şäherindäki bu sergi şu ýylyň aprel aýyna çenli dowam eder.