Turkmenportal logo
Düýn 23:09
1463514635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ABŞ-da täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi hem-de ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, Sloweniýa, Serbiýa, Bolgariýa Respublikalaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Meret Baýramowiç Orazow başga işe geçmegi sebäpli, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri), Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly hem-de Raýat awiasiýasy boýunça Halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşadyldy.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Aksoltan Töräýewna Ataýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Wepa Segsengeldiýewiç Hajyýewiň bellenilip, onuň Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky (Ženewa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) hemişelik wekili, wezipesinden boşadylandygyny habar beripdik.