Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek bilen bagly gol çeken resminamasynda bellenildi.
Resminama laýyklykda, ýurduň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, 2026-njy ýylyň 8-nji martyndaky dynç güni 9-njy marta — duşenbe gününe geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminamanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegini gazanmak bellenildi.