Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, Migrasiýa hakynda, Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda, Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda, Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde iki aýyň dowamynda alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar, şeýle hem Halkara zenanlar gününi ýokary derejede bellemek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.