Turkmenportal logo
Düýn 14:45
1199311993
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň kenarlarynda agramy on kilogramlyk howply mylkylar göründi
Surat: kazpravda.kz

Adam üçin howply bolan 10 kilograma çenli agramdaky mylkylar (meduzalar) Türkiýedäki Antalýanyň deňiz ýakalarynda peýda boldy. Bu barada Akdeniz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Gürrüň mylkylaryň Rhopilema nomadica (çarwa- meduza) görnüşi barada barýar, ol Sues kanaly arkaly Gyzyl deňizden Ortaýer deňzine düşen bolmaly.

«Eýýäm on gündür, güýçli ýel öwüsýär, hut şonuň kömegi bilen akym mylkylaryň köpsanlysyny Antalýa aýlagyna getirendir» diýip, alym gürrüň berdi. Gökoglynyň sözlerine görä, piti ýaly ullakan mylkylaryň murtlarynyň uzynlygy-da bir ýarym metre deň bolup biler. Şonuň üçin suwa düşülýärkä seresap bolmak gerek, eger çarwa-meduzalar bilen çaknyşan bolsaňyz, onuň galtaşan ýerini ammiak we gyzgyn suw bilen işlemeli.

Gökogly Antalýanyň kenarýakalaryndaky suwlarda mylkylaryň iýuna çenli boljakdygyny çaklaýar.