Turkmenportal logo
Düýn 14:30
1274012740
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2-3-nji mart aralygynda Tokio şäherinde geçirilen Bütindünýä Banky, Halkara Pul Gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen bilelikdäki başlangyç – «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy.

Mejlise halkara maliýe guramalarynyň wekilleri, dürli döwletleriň maliýe we salgyt edaralarynyň ýolbaşçylary, bilermenler hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Mejlisiň esasy maksady döwletleriň salgyt syýasatyny kämilleşdirmek, salgyt ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ykdysady ösüşi goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat boldy. Şeýle hem çäräniň dowamynda ösüş ýolundaky ýurtlarda salgyt dolandyryşyny güýçlendirmek, maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak we aç-açan ykdysady gurşawy döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly salgyt dolandyryşyny gowulandyrmak we ykdysady ösüş üçin amatly şertleri döretmek boýunça tejribe alyşdylar.