Turkmenportal logo
Düýn 14:23
1282312823
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde zenanlara 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde Halkara zenanlar güni mynasybetli ministrligiň zenan işgärlerine pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew hem gatnaşdy.

Dabara döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen guralan umumy milli çäreleriň çäklerinde geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky buýruga gol çekdi. Bu sowgatlar ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän zenanlara, pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýanlara, aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine, talyplara, mekdep okuwçylaryna hem-de çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalara berilýär.

Buýruga laýyklykda pul sowgatlarynyň gowşurylyşy dabaraly ýagdaýda 1–6-njy mart aralygynda geçirilýär.