Günüň işjeňliginiň pese gaçmagy bien ugurdaşlykda, koronal deşikler Ýerde 2028-nji ýyla çenli magnit tupanlaryny dörederler, ondan soňra olar üç ýyllap asla bolmaz. Bu barada Russiýanyň YA-nyň Kosmos ylmy-barlaglar institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Bogaçýew habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Alymyň sözlerine görä, Günüň işjeňliginiň peselmegine garamazdan, öňdäki iki ýylda magnit tupanlary köp bolar. Bogaçýew şeýle-de hut koronal deşikleriň Günüň işjeňliginiň pese gaçan döwründe Ýerde magnit hadysalarynyň döremegine sebäp bolýandygyny belledi. Mysal üçin, 22—25-nji fewralda Günüň üstünden ähli tegmilleriň ýitendigine garamazdan, Ýerde orta derejeli magnit tupany boldy.