Hytaýyň Hökümeti 2026—2030-njy ýyllara niýetlenen 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe ýurduň ilatynyň ömür dowamlylygyny ortaça 80 ýaşa çenli ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Halk wekilleriniň ählihytaý gurultaýynyň (ýokary kanun çykaryjy edara) 14-nji çagyrylyşynyň 4-nji ýygnagynyň açylyş güni Hökümetiň işi barada çap edilen nutukda bellenýär.
Resminamada bu maksatlara ýetmek üçin HHR-niň Hökümetiniň «Sagdyn Hytaýy gurmak we ony sport ýurduna öwürmek işini çaltlandyrjakdygy» nygtalýar.
Nutugyň awtorlarynyň pikirine görä, geçen bäş ýylyň jemleri boýunça ilatyň ortaça garaşylan ömür dowamlylygy 79,25 ýaşa ýetipdir.